Aşgabat şäher gümrükhanasynyň çäginde plasmassadan önümleriň eksporty

Gysga beýany

Haryt dolanyşygynyň möçberi islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň

Haryt dolanyşygynyň möçberi islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi bilen sarp edilýän harytlaryň öndürilişi, şol bir wagtda bu harytlaryň daşary ýurtlara çykarylýan möçberleri hem birsyhly atýar.

Türkmen telekeçileri içerki bazary zerur harytlar bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, önümleriň täze eksport ugurlaryny hem yzygiderli özleşdirýärler. 

2019-njy ýylyň soňky ýarymýyllygynyň dowamynda Aşgabat şäher gümrükhanasynyň iş çäginde plasmassadan ýasalan önümleriň eksportunyň artandygyny bellemek gerek. Bular plasmassadan bedre, gül gorşoklary, legen, sebet ýaly önümlerdir.

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň iş çäginde bu önümleriň eksporty esasan “Türkmen Şöhle” Hojalyk Jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň köp bölegi Belarusiýa Respublikasyna iberilen. Şeýle-de  bu türkmen önümlerini eksport edýän ýurtlaryň hatarynda Özbegistan we Gyrgyzystan Respublikalary bar.

Soňky habarlar

Ählisi

16 Dekabr, 2019 ý.

09 Dekabr, 2019 ý.