Ýerli öndürijileriň bähbitleriniň goragy TDGG-nyň öňde goýlan maksatlarynyň biridir

Gysga beýany

Gümrük statistiki maglumatlaryna görä, diňe 2019-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň halkara sergilerine gatnaşmak üçin çykarýan harytlary birnäçe gezek gümrük taýdan resmileşdirildi.

Gümrük statistiki maglumatlaryna görä, diňe 2019-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň halkara sergilerine gatnaşmak üçin çykarýan harytlary birnäçe gezek gümrük taýdan resmileşdirildi. Görkezilen döwürde kärhana dürli ýurtlarda geçirilen dört sany halkara sergilerine gatnaşyp öz önümlerini hödürledi.  

23-25-nji oktýabry aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň Halkara sergi merkezinde “World Food Ukraine 2019” atly halkara sergisine, 13-15-nji noýabry aralygynda Gazagystanyň Şymkent şäherinde geçirilen “AgriTek 2019” atly halkara oba hojalyk we azyk önümleri sergisine, 29-30-njy noýabry aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde “Growtech” atly Halkara ýyladyşhana, oba hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk tehnikalary we gurallary sergisine hem-de 27-29-njy noýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde guralan “UzAgroExpo” hem-de “UzProdExpo” halkara sergilerine gatnaşyp, olaryň diplomlaryna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti sergilere ýurdumyzyň ýyladyşhana hojalyklarynda hem-de açyk toprakda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri, däneli we kösükli ekinleri bilen gatnaşdy. 

Ýokary hili we ekologik howpsuzlyk derejesi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň öndürijileriniň harytlary daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Ýerli öndürijileriň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär. 

Häzirki wagtda daşary ýurtlara ugradylýan azyk harytlarynyň hatarynda köke-süýji önümleri, gök hem-de miwe önümleri, towuk ýumurtgalary, doňdurmalar, miwe suwlary we olaryň önümçiligi üçin konsentratlar bar. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy döwletimziň ykdysady howpsuzlygynyň goragy babatda alyp barýan işiniň çäginde ýerli öndürijileriň bähbitleriniň goragyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar.

Soňky habarlar

Ählisi

16 Dekabr, 2019 ý.

09 Dekabr, 2019 ý.