Taryhy tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Gysga beýany

TÜRKMENISTAN — BMG

Şu gün — 2-nji martda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ideýalara ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şoňa görä-de, bu sene strategik hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere gaýtadan ser salmaga, häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hakda pikir öwürmäge mümkinçilik berýär.

Mä­lim­ bolşy ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky arzasy 1992-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda tabşyryldy. Şol ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde BMG agza döwletleriň ählisi Türkmenistany gurama kabul etmek hakynda karary biragyzdan goldady. Şeýlelikde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we ilkinji günlerden başlap, bu iri halkara düzüm bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyny bütin dünýäde parahat- çylygy berkitmäge uly goşant goşýan ynamdar we jogapkärli gurama hasaplaýar. Ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolup, Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryny ileri tutan häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Häzirki döwürde bu gurama bilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan, milli we ählumumy abadançylygyň bähbitlerini nazara almak esasynda ýola goýlan gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykýar.

29 ýylyň içinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde toplan oňyn tejribesi, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň giňden goldanylmagy ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň subutnamasydyr. Dünýädäki wakalaryň çalt we çylşyrymly özgerýän şertlerinde ýurdumyz özüniň daşary syýasatyny yzygiderli pugtalandyryp, halkara gatnaşyklarda durnukly ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä esaslanmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzak möhletleýin esaslara daýanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 28-nji fewralda degişli Karara gol çekip, BMG-niň pasportlarynyň eýeleri bolan raýatlara Türkmenistana wizalary resmileşdirmezden gelmä-ge rugsat berilmegini tassyklamagy hem muňa doly şaýatlyk edýär

Çeşme: Türkmenistan gazeti

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2021 ý.

20 Aprel, 2021 ý.