Aşgabatda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi maslahatlaşyldy

Gysga beýany

Aşgabatda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi.Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen döredilen “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň düzümi hem-de degişli ministrlikleriň we edaralaryň jogapkär hünärmenleri gatnaşdy.  Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler, şol sanda  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Bu ugurda Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde, “ASYCUDA World” atly utgaşdyrylan maglumatlar ulgamynyň doly işe girizilendigi, taslamanyň ikinji tapgyrynda “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmakda ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslamalaýyn resminamanyň ähmiýeti, maksady, ony durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.  Çäräniň ahyrynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” Taslamasynyň amala aşyrylmagy boýunça taslama gatnaşyjy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, döredilen Işçi toparyň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlendi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2021 ý.

20 Aprel, 2021 ý.