Oba hojalyk önümlerini hususy öndürijiler mäşiň eksportuny artdyrýarlar.

Gysga beýany

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" saýty

Daýhan hojalyklary we oba hojalyk önümlerini hususy öndürijiler şu ýylyň iki aýynda müň tonnadan gowrak mäş eksport etdiler. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ekarançylary bu azyklyk ekini Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna iri iberijilerdir.

Geçen ýyl bu ekiniň meýdany artdyryldy. Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 15 müň gektar ýere mäş ekildi. TSTB-niň howandarlygyndaky «Mäş Taslamasy» telekeçilik taslamasyna telekeçilik-bileleşiginiň agzalarynyň - oba hojalyk ekinleriniň öndürijileriň ýüzden gowragy gatnaşdy. Olar ekin meýdanlaryndan ýedi müň tonnadan gowrak hasyl aldylar.

Oba hojalyk önümlerini hususy öndürijileriň köpüsi ony aralyk ekin hökmünde ulandylar. Hünärmenleriň pikirine görä, mäşiň, şol sanda durnukly oba hojalyk önümçiligi jähtinden birnäçe artykmaçlyklary bar. Ol serişde tygşytlaýjy ekin hasaplanylýar, çünki ýerli howa şertlerine laýyklykda amatly döwürde ýetişýänligi we ýokumly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Mäş suwy az talap edýänligi sebäpli geljegi uly ekin hasaplanylýar.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2021 ý.

20 Aprel, 2021 ý.