Ýaponiýada öndürilen tehnikalaryň Türkmenistana getirilmegi maslahatlaşyldy

Gysga beýany

Çeşme: “Biznes Türkmenistan” resmi saýty

aşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň 25-ine hepdäniň penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Onuň barşynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň dowamynda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, iki ýurduň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna we beýleki meselelerine garaldy.
Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2021 ý.

20 Aprel, 2021 ý.