Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüki Astrahana baryp ýetdi

Gysga beýany

Çeşme : TurkmenPortal.com web saýty

Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýükleri ýüklenen gämi Astrahan portuna bardy. Bu barada «Wolga» habarlar agentligi Astrahanyň gubernatorlygynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Ynsanperwerlik ýükleri iki konteýner ybarat bolan lukmançylyk enjamlaryndan ― bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerinden, gorag nikaplaryndan we lukmançylyk lybaslaryndan ybaratdyr. Şeýle hem dostlukly döwlete Türkmenistanda öndürilen önümleriň uly topary ýollanyldy.
Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew bu ýüküň ugradylmagynyň iki halkyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrjakdygyny nygtady. Oblastyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysy Alekseý Sprin bolsa gelip gowşan ynsanperwerlik ýüküniň dessine saglygy goraýyş edaralaryna ugradyljakdygyny aýtdy.
Bu ynsanperwerlik ýüküniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen ugradylandygyny ýatladýarys.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2021 ý.

20 Aprel, 2021 ý.