Ženewada Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp geçdi.  BIEG-nyň halkara hukuk resminamalaryna goşulmagy babatynda türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etmek bilen, BIEG-nyň Baş direktory D.Tang Türkmenistanyň Gurama bilen birlikde täze «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin intellektual eýeçiligi ulgamynyň ösdürilmegi boýunça maksatnamanyň» işlenilip düzülmegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleri goldady. Baş direktor Türkmenistanyň Şertnama goşulan 43-nji döwlet bolandygyny bellemek bilen, goşulmagy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistan tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjek we geljekde goşulmagy mümkin bolan BIEG-nyň beýleki resminamalaryna gatnaşykda hem islendik goldawlary bermäge taýýarlygyny mälim etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.