Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan, şol sanda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylyk, arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew şu ýyl bellenilýän şanly seneleriň hormatyna tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýyl bellenilýän şanly seneler mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyryljak desgalarda alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda boljak wakalaryň, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň örän uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini belledi. Şundan ugur alyp, täze desgalaryň ulanylmaga berilmegini bellenen tertibe we bildirilýän talaplara laýyklykda üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Gowaçanyň irki ekilen ýerlerinde onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, häkim ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi baradaky meseleleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi berk gözegçilikde saklanylmalydyr, munuň özi olaryň ýokary hasylyny almaga mümkinçilik berer.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň welaýatda ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi hem-de hemme bellenen meýilnamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigi barada görkezme berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. 
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, bugdaýly meýdanlara edilýän ideg işleri, şaly ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de oba hojalyk ekinleriniň suw üpjünçiligi baradaky meseleleriň çözülişi barada hasabat berdi. 
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. 
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, alnyp barylýan meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça ekişiniň we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine we öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikasy bökdençsiz işledilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öňe ilerledilişi, şol sanda ýerlerde gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, bugdaýa edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ekinleri zerur möçberde suw bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belläp, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleri bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.