Goşa baýram — goşa toý

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat berdi. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlygyň artýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilen bolan şol duşuşygyň dowamynda serhetçiler Watana wepaly gulluk etmek bilen birlikde, sowgat berlen alabaýlary terbiýelemekde yhlaslaryny gaýgyrman, olary mynasyp ýetişdirjekdiklerine ynandyrdylar. Serhet gullugynyň harby gullukçysynyň halkara bäsleşikde ýeňiş gazanmagy hem-de onuň ösdürip ýetişdiren Akhan atly alabaýyna “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejesiniň berilmegi şol ynamyň mynasyp ödelendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda esgerler bilen deň hatarda, sak durup gulluk edýän Akhan bu gün aýratyn başarjaňlygyny, gaýduwsyzlygyny subut eden alabaý hökmünde taryha girdi. Ony şeýle derejede terbiýeläp ýetişdirip, zähmet endigini ele alan serhetçi esger Rejepmyrat Myradow bolsa hormatly Prezidentimiziň baş baýragy bolan “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulaga, göçme kuboga hem-de diploma eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, serhetçi esger R.Myradow Türkmenistanyň “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglanyldy. Şu günki dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, parahatçylygyň we ene topragymyzyň asudalygynyň goragynda berk durup, harby we watançylyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän ýurdumyzyň ähli harby gullukçylary üçin şanly waka öwrüldi.
Dabaranyň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan sergi dabaranyň özboluşly öwüşginini artdyrdy. Onda ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň waspyny ýetirýän sungat eserleri görkezildi. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde ösdürilip ýetişdirilýän alabaý gulluk itlerini synlamak mümkinçiligi döredildi

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.