Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümlerinde işgärleri seçip almaga we olaryň hünär taýdan taýýarlanylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şanly senelere, taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän döwletimiziň we medeniýetimiziň ösüşine bagyşlanan döwrebap gepleşikler we makalalar taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, guralýan çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesi, ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýarlygy öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Munuň üçin bolsa baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýerler Ş.Durdylyýewe, M.Mämmedowa hem-de M.Geldinyýazowa degişli tabşyryklary berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şanly seneleriň dabaralandyrylýan ýylynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherine ykbalyny baglan we şäheriň ösüşine mynasyp goşant goşan şahsyýetleri döwlet derejesinde sarpalamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer şanly senelere beslenip gelen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň dowamynda guralýan dabaralaryň taýýarlyk işleri, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer 2021-2022-nji okuw ýylynda birinji synpa kabul ediljek mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryljak noutbuklaryň nusgalaryny görkezdi.
Milli Liderimiz täze okuw ýylynda birinji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna beriljek noutbuklaryň nusgalary bilen içgin tanşyp, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Körpe nesilleriň sanly ulgama bolan höwesini artdyrmakda we bu ugurdaky ukyplaryny ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan bilim noutbuklarynyň kämil derejede bolmagy hökmandyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.