Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa, uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän şanly wakadyr.
Kazana saparyň maksatnamasynyň çäklerinde 30-njy aprelde  ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bolşy ýaly, agzalan ugurlara hem okgunly häsiýet mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparynyň hyzmatdaşlyk meselelerini çözmekde hem-de onuň geljegi uly bolan ugurlaryny işläp düzmekde eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi.
Şeýle hem Kazanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.
Onda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy babatda nusga alarlykdygy bellenildi. Häzir onuň çäklerinde dürli pudaklary gurşap alýan özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň ençemesi bar. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Tatarystan üçin strategik hyzmatdaşydyr.
Duşuşyk tamamlanandan soň, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy” atly medaly gowşurdy. Bu medal RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kazanda bolmagynyň çäklerinde, kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Söwda-ykdysady hem-de bank ulgamlarynda, nebitgaz pudagynda, halk hojalygynda, howa we suw ulaglarynyň, işewürlik-düzümleriniň ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.