Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine ilki bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halkymyz üçin uly hormatdygyny belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, býujet-salgyt ulgamynyň işini halkara tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de salgytlar we hökmany tölegler boýunça kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz degişli düzümler bilen işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň öňünde goýlan ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýazky ekin işlerinde, ozaly bilen, bugdaýa ideg etmekde, gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmekde, galla oragyna taýýarlyk görmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow demir ýol ulaglary pudagynda edilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli toplumlaryny, şol sanda ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň pudagyň işlerini döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy önüm öndürijilere goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we G.Müşşikowa halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ähli ýerde elektron söwda we alyjylara harytlary eltip bermek işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Öwezowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim işini ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek, döwrebap işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, ählumumy bähbitlere laýyklykda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021-2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hem hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu Meýilnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Maý, 2021 ý.

06 Maý, 2021 ý.