Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi. Paýtagtymyzy tomus möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem «Aşgabat-sitiniň» taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýubileý desgalarynyň we beýlekileriň döwrüň talabyna laýyk ýokary hiliniň we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmelidigine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat-siti» taslamasynyň hödürlenen çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini we düzedişlerini girizdi. 
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Welaýatlaryň häkimleri sebitlerdäki ýagdaýlar barada habar berdiler. Çykyş edenler bugdaýa, gowaça, ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreler barada, ýubileý desgalarynyň gurluşygy we ýetip gelýän dynç alyşlara taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda hem agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Ýetip gelýän galla oragyna degişli derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek babatda yzygiderli tagallalar edilmelidir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň depginini çaltlandyrmak, kombaýnlary, awtoulaglary hem-de harmanhanalary orak möwsümine doly taýýarlamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de suwdan rejeli peýdalanmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyny üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şol desgalarda işleri kesgitlenen möhletlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleri ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz däp boýunça Medeniýet işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi baradaky meselä degip geçip, onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni ýurdumyzda ekologik medeniýeti kemala getirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulagyň saglyk üçin peýdaly bolan welosiped görnüşini ulanmak bilen bagly guralýan ekologik çäräniň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

11 Iýun, 2021 ý.

09 Iýun, 2021 ý.