2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Iýul aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dostlukly döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň gündelik meselelerini hem-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. DIM-niň ugry boýunça, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

1-nji iýulda Daşkent şäherinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça sebitiň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary derejeli “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň nobatdaky tapgyry geçirildi.

6-njy iýulda DIM-de Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 13-nji tapgyry geçirildi. Onlaýn görnüşinde guralan duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukuk ulgamynda öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

7-nji iýulda sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly ýurt boýunça tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri gatnaşdylar.

8-nji iýulda Aşgabatda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

RF-iň aýry-aýry sebitleri hem-de iri senagat, medeni merkezleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolan häzirki zaman türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar köp ugurlary öz içine alýan ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler. Saparyň barşynda RF-iň wekiliýeti ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

13-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy S.Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, soňky ýyllarda taraplaryň tagallalary netijesinde bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe boldy.

13-14-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Goşulyşmazlyk hereketiniň ministrler maslahaty geçirildi.

Pandemiýa garşy göreşi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işlerini maliýeleşdirmek ýaly, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary beýan edildi. Türkmen tarapynyň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça halkara maslahaty çagyrmagy maksat edinýändigi aýdyldy.

14-nji iýulda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistan bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Çäreleriň meýilnamasy boýunça “Ýol kartasy” syn beriş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýeti 14 — 16-njy iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň bähbidine “Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa” Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

15-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi hanym Elizabet Şerwud-Rendallyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda “C5+1” dialogynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagtynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşindäki dördünji mejlisi boldy. Taraplar sebitiň ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy iýul aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

26-27-nji iýulda Täjigistanda Howanyň üýtgemegi baradaky meseleler boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasy (HMAK) geçirildi, oňa onlaýn görnüşde Türkmenistanyň wekilýeti hem gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň martynda we maý aýynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak meselelerine seretdiler. Hökümetara resminamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary, maýadarlary çekmek boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

28-nji iýulda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Ýokary döwlet derejesindäki syýasy gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Mejlise gatnaşyjylar toparyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinden bäri ýerine ýetirilen işleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýyny seljerdiler.

Geçen aýyň wakalaryna berlen syn Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň beýany bolup, ata Watanymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz amala aşyrmak arkaly dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary, abraýly sebit düzümleri bilen dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýändigini, pugtalandyrýandygyny aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar

Ählisi

11 , 2021 ý.

10 , 2021 ý.