Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsylygyna 30 ýyl dolýar. Türkmen halkynyň dabaraly ýagdaýda ýurt Garaşsyzlygynyň baýramyny bellejek pursadyna sanlyja gün galdy.

Garaşszylygyň 30 ýylynda paýtagtymyzyň, şäherlerdir obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ol ýerlerde ilat üçin amatly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdeplerdir çagalar baglary, Medeniýet we dynç alyş köşkleri, muzeýler we kitaphanalar, sport we sagaldyş merkezleri gurulýar.

Paýtagtymyzyň merkezi köçelerinde «Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy» ýazgyly dürli görnüşli baýramçylyk nyşanlary oturdylan, baglardyr seýilgähler tertibe salnan. Ýurduň beýleki şäherleri-de baýrama taýýarlanýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik medaly döredildi, däp bolşy ýaly, baýramyň öňüsyrasy döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda tapawutlananlar bu medal bilen sylaglanarlar

Soňky habarlar

Ählisi

18 Noýabr, 2021 ý.

16 Oktýabr, 2021 ý.