Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Gysga beýany

Çeşme: “customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän we ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleriň netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli biziň öňümizde birnäçe möhüm çäreler bar. Sentýabr aýynda biz berkarar döwletimiziň baş baýramyny — Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläris, Halk Maslahatynyň mejlisini geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Göreldeli we yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan mynasyp zähmetkeşler döwlet sylaglary bilen sylaglanar. Şeýle hem, ata Watanymyzyň ýubileýine bagyşlap, dabaraly harby ýörişi geçireris. Dekabr aýynda bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk gününi belläris diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar

Ählisi

18 Noýabr, 2021 ý.

16 Oktýabr, 2021 ý.