Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselesine garady.

Hormatly Prezidentimiz M.Serdarowy maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi.

Soňra M.Serdarow özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, täze bellenen ministre birnäçe tabşyryklary, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de makroykdysady durnuklylygy saklamak üçin zerur çäreleri görmek boýunça görkezmeleri berdi.

Pudaklarda önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny, meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, girdejileriň artdyrylmagyna, salgytlaryň öz wagtynda we doly tölenilmegine, býujet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, çykdajylaryň rejeli hem-de maksadalaýyk maliýeleşdirilmegine berk gözegçilik etmek babatda tabşyryklary berdi.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe, býujet, salgyt we gymmatly kagyzlar ulgamynyň düzgünlerini, usulyýetini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak babatda tabşyryklar berildi.

Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet maýa goýumlarynyň netijeliligini artdyrmak, maýa goýum we işewürlik, daşary ýurt göni maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, oňa söz berdi.

M.Sylapow örän jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, kesp-kärine görä iş gözleýänler bilen iş berijileri utgaşdyrmak işlerini talabalaýyk ýola goýmak, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça sazlaşykly dolandyrmak üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de boş iş ýerleriniň hasabaty bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ministrligiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze bellenen ministre işde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow D.Täşliýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi hem-de onuň iş meýilnamasy bilen gyzyklandy.

D.Täşliýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bilimini we ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini, maýa goýum meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny, 2022-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem döwletiň tebigy, maliýe hem-de maddy serişdeleriniň ulanylyşynyň peýdalylygy we kanunylygy, dolandyrylyşynyň netijeliligi boýunça ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilýän meýilnamalaýyn seljerme işlerini dowam etmegiň, döwletiň maýa goýum we satyn alma taslamalary boýunça serişdeleriň netijeli harçlanylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, D.Täşliýewe täze wezipede üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz M.Hojagulyýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we onuň bu işde geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

M.Hojagulyýew ýokary ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu düzümiň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmak üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ýurdumyzda öndürilýän hem-de sarp edilýän harytlaryň ýylsaýyn artýandygyny nazara alyp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine bu gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän harytlaryň barlaghana synaglaryndan geçirilmegi üçin baş döwlet gullugy tarapyndan zerur barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligi gazanmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we M.Hojagulyýewe işde üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz D.Amanmuhammedowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

D.Amanmuhammedow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň statistika ulgamynyň işgärleri bilen öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, döwlet komitetiniň täze ýolbaşçysyna ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi, statistiki hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de bu işleri sanly ulgam arkaly guramagy we statistiki hasabatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňde boljak ilat ýazuwyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, onuň işinde häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy işjeň ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyryp, D.Amanmuhammedowa täze wezipede üstünlik arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T.Mälikowy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy, şeýle hem Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi hem-de onuň täze wezipelerde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

T.Mälikow bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny durnukly ösdürmek, maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, harytlaryň bahasyny durnukly saklamak hem-de daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny belläp, olara degerli maslahatlary hem-de tabşyryklary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra maslahat ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow B.Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we oňa söz berdi.

B.Amanow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy çykarmak boýunça kabul edilen meýilnamanyň doly ýerine ýetirmelidigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini tebigy gazyň zerur mukdary bilen ilkinji nobatda üpjün etmelidigini, ilatly ýerlerde suwuklandyrylan gaz ýangyjynyň bökdençsizligini üpjün etmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmagy, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmagy, şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, B.Amanowa işde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi we onuň täze wezipede alyp barjak işleri bilen gyzyklandy.

G.Agajanow özüne jogapkärli wezipäniň ynanylýandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, döwlet konserniniň ýolbaşçysyna nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlerde konserniň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz M.Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede geljekde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

M.Rozyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, döwlet korporasiýasynyň täze bellenen ýolbaşçysynyň ünsüni öňde duran işiň esasy ugurlaryna çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazyň ýeterlik gorlarynyň bardygyny nazara alyp, gözleg-barlag hem-de buraw işlerini, esasan, nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hem-de gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyryp, M.Rozyýewe öňde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryna ýolbaşçylary belländigi we olara gymmatly maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda degişli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselelere geçdi.

Döwlet Baştutanymyz G.Orunowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

Wezipä täze bellenen ministr döwlet Baştutanymyza uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýç-gaýratyny we bilimini ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sarp etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýdyp, şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň hem-de desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň, gurluşyklary zerur gurluşyk serişdeleri we enjamlar bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we täze bellenen ýolbaşça jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Annamämmedowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi. Döwlet Baştutanymyz ondan bu wezipede alyp barjak işleri barada aýtmagyny sorady.

B.Annamämmedow bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýç-gaýratyny, bilimini hem-de toplan tejribesini öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sarp etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, bu işe döwletimiziň telekeçilerini işjeň çekmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilelikdäki döwrebap kärhanalary gurmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine bellenen wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz H.Rejepmyradowy energetika ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

H.Rejepmyradow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, giň möçberli Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany — Gün we ýel energiýasyny ulanmagy ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, yzygiderli artdyrmak babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, H.Rejepmyradowa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz S.Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

S.Ýolamanow bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu ýylyň fewral aýynda döredilen we ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň kämilleşdirilmegini esasy ugur edinýän düzümiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagalla etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Agentligiň täze ýolbaşçysyna düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek boýunça teklipleri taýýarlamak, şeýle-de öňdebaryjy tejribelerden ugur alyp, agentligiň garamagyndaky ýol gurluşyk edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygynda ýokary hili gazanmak üçin önümçilige ylmy-tehniki innowasiýalary ornaşdyrmagyň, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygyna jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz N.Nyýazlyýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

N.Nyýazlyýew bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, ýolbaşça ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, şonuň ýaly-da, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak möhümdir. Agrotehniki möhletlere laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de olary doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, käbir kärhanalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzüminiň ýolbaşçylaryny wezipä belländigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek hem-de bildirilen belent ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, bilimdir tejribelerini gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra maslahat söwda we dokma senagaty pudagynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen bagly mesele boýunça dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine O.Gurbannazarowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

Ministr bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüne ynanylan wezipede halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bähbitlerinden ugur alyp, ak ýürekden işlejekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, söwda pudagynyň işini kämilleşdirmek, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli alyp barmak, söwda ulgamynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Alnyp barylýan işleriň çäklerinde harytlaryň elýeterliligini, ilata söwda hyzmatyny etmegiň hilini we medeniýetini yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ministre işinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine R.Rejepowy bellemek kararyna gelendigini aýdyp, oňa söz berdi.

Ministr bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, yhlasly zähmeti bilen dokma pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak işinde güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmagy, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma önümleri bilen doly üpjün etmegi, egin-eşikleriň, deri önümleriniň we aýakgaplaryň görnüşlerini köpeltmegi esasy ugur hökmünde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Çaryýewi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini habar berdi hem-de onuň bu wezipede alyp barjak işleri bilen gyzyklandy.

Biržanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüne ynanylan ulgamda eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de daşary söwdanyň mukdaryny artdyrmak boýunça ähli güýjüni gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, bazar şertlerinde ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri geçirmegiň, birža söwdasyny guramakda ýerlenilýän harytlar boýunça baha emele getirmegiň netijeli usullaryny ornaşdyryp, haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek, lomaý söwdany ösdürmekde beýleki döwletler bilen netijeli daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen işleri alyp barmak, biržanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri hem işjeň dowam etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň täze bellenen ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halyçylyk sungatyny gorap saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümini has-da ösdürmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, türkmen milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we haly önümlerini milli öwüşginleri saklap, täze nagyşlardyr göller bilen baýlaşdyrmak, el haly önümçiliginde gadymy milli göllerimizi dikeltmek, ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, häzirki ösen talaplara laýyk gelýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, çig mal üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Wise-premýer Ç.Gylyjow toplumyň ýolbaşçylaryny wezipä belläp, bildiren uly ynamy üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, gözegçilik edýän toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň özlerine ynanylan wezipede mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga, söwda ulgamynyň, dokma senagatynyň we biržanyň işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra maslahat oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz A.Altyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

A.Altyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekdi hem-de bu ugurda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmak babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi we oňa işde üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki iş meýilnamalary bilen gyzyklandy.

G.Baýjanow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, edaranyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi hem-de ýurdumyzyň suw akabalarynda ýitgileri azaltmak maksady bilen, örtükli suwaryş akabalaryny we ýapyk turba görnüşli suw geçirijileri gurnamak, damjalaýyn usulda suwaryş enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeldip, täze howdanlary gurmak işlerini dowam etmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz derýalarda we beýleki akabalarda hem-de howdanlarda arassalaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyny nygtap, işde sanly tehnologiýalary ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy we G.Baýjanowa üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz A.Berdiýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

A.Berdiýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini, dürli at üstündäki oýunlary we bedewleriň halkara gözellik sergilerini geçirip durmak babatda A.Berdiýewe birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz A.Berdiýewe jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew toplumyň pudaklarynyň ýolbaşçylaryny belläp, gymmatly maslahatlary berendigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy hem-de ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýerden alynýan hasylyň mukdaryny köpeltmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, maldarçylyk toplumlarynyň işini talabalaýyk guramak ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra maslahat ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz G.Ataýewany ýurdumyzyň bilim ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

G.Ataýewa bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurt dilleri, beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy we bilim ministrine işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow N.Amannepesowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu jogapkärli wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

N.Amannepesow bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, ministre ylmy-barlag we bejeriş-öňüni alyş işlerini talabalaýyk alyp barmak, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we saglygy dikeltmegiň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynda sanly ulgamy ulanmak, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, beýleki abraýly halkara guramalar we ösen ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça epidemiologik ýagdaýa gözegçilik ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş işleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň möhümdigini belläp, N.Amannepesowa üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agamyradowy sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

G.Agamyradow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýurdumyzda sporty we ýaşlar syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, G.Agamyradowa türkmen türgenlerini iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtap, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň işini kämilleşdirmegi tabşyrdy we ministre işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew toplumyň düzümlerine ýolbaşçylary belländigi hem-de olara zerur maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýtdy we ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olara häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak hem-de halkara derejeli türgenleri taýýarlamak we ýaryşlary guramak boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, A.Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

A.Şamyradow bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda güýç-gaýratyny, ukyp-başarnygyny hem-de bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Şamyradowa işde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki iş meýilnamalary bilen gyzyklandy.

A.Aşyrow bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tele we radioýaýlymlaryň işini kämilleşdirmek, täze kinofilmleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekdi hem-de ýolbaşça teleradioýaýlymlaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini täzeçe guramak, gepleşikleriň hem-de filmleriň döwrebap usulda taýýarlanylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak we kinematografiýanyň işini gowulandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we A.Aşyrowa işde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Hudaýberdiýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

A.Hudaýberdiýew ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, işiň ýokary hilini gazanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi we A.Hudaýberdiýewe üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow M.Gazakbaýewi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

M.Gazakbaýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, agentligiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini halkara maglumat giňişliginde beýan etmek, dünýäniň iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirleri, meşhur habar beriş ýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, täzelikleri we habarlary metbugat giňişliginde ýerleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmak babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi hem-de oňa işde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa toplumyň pudaklarynyň ýolbaşçylaryny belländigi we olara gymmatly sargytlary edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda teleradioýaýlymlaryň we neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek, olara häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty jemläp, wezipä bellenen ýolbaşçylary ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.