Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm weipeleriň biri daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary we gümrük işi çygryndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bolup durýar. Şoňa görä-de, goňşy we beýleki ýurtlaryň gümrük gulluklary, şeýle hem gümrük işi bilen baglanyşykly hereket edýän iri halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şertnamalaýyn hukuk binýady 100-e golaý halkara şertnamalaryny öz içine alýar. 2021-nji ýylda onuň üsti ýene-de 3 sany halkara resminamalary bilen dolduryldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn şertnamalar Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň gümrük gulluklary bilen baglaşyldy.

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky   bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Resminama diplomatik ýollar arkaly - Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen gol çekildi.

Meýilnama hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek, iki ýurduň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumaty alyşmagy guramagy ýola goýmak, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça özara hereketleri kesgitleýär.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.