«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak işleri dowam edýär

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Häzirki wagtda, Gullugyň işgärleri BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň daşary ýurt we ýerli hünärmenleri bilen bilelikde, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmaklyk    has-da işjeňleşdirildi.

Gullugyň işgärleri BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde, Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň her-biri bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda, harytlar bilen bagly   geçirilýän eksport-import amallaryny elektron görnüşde resmileşdirmek işlerini “Bir penjire” ulgamynyň üsti bilen ýöredilmegini beýan edýän kadalarynyň taslamalary teklip edildi hem-de olar ara alyp maslahatlaşylyp, ylalaşyldy.

Şeýle hem Gulluk tarapyndan, Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň üçin, dünýä döwletleriniň “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak tejribesini öwrenmek boýunça, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Koreýa Respublikalarynyň gümrük edaralarynyň wekilleri bilen, wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyklary gurnady we geçirildi.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.