Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde iş duşuşygy geçirildi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

2022-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde döredilen Dolandyryş komitetleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Iş duşuşygynyň barşynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamany ýerine ýetirmegiň indiki tapgyry, şeýle hem 2022-2023-nji ýyllara niýetlenen çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitleýin iş duşuşygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin            2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Bu Maksatnama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şaherinde gol çekildi. Taslama, serhetlerde hereket edýän edaralaryň özara hereketini utgaşdyrmak üçin bilelikdäki otaglary döretmek hem-de bu edaralaryň özara aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.