Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Soňky ýyllarda ýola goýlan asylly däbe görä, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň maksady dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlar, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.

Bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi we hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” görkezilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.