Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/ru” resmi web saýty.

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi.

Bu günki şanly waka ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. Halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy “Döwlet adam üçindir!” şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýаn ugrudyr.

Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň ähmiýetli üstünlikleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanda ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň gowy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar.

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle hem dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

Soňky habarlar

Ählisi

20 Aprel, 2022 ý.

19 Aprel, 2022 ý.