BOMKA Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleri kämilleşdirmek babatyndaky işjeňligi dowam etdirýär

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web saýty.

Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy Aşgabatda utgaşykly görnüşde Türkmenistanyň weterinariýa we fitosanitariýa edaralarynyň wekilleri üçin söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahaty milli edaralaryna söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ylalaşygy hem-de Sanitariýa we fitosanitariýa çärelerini ulanmak hakyndaky ylalaşygyna degişli ugurlarda mümkinçilikleri artdyrmak boýunça çärelere baha bermekde ýardam berdi. Bu okuw BOMKA tarapyndan Merkezi Aziýada geçirilýän bäşinji we soňky okuwy bolup durýar, şuňa meňzeş çäreler şu ýylyň dowamynda eýýäm Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Täjigistanda geçirildi.

Okuwyň çäklerinde Latwiýanyň Azyk we weterinariýa gullugynyň bilermenleri BSG-nyň Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça teklipleri we hereketleriň, çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamakda ýardam berdiler. Teklip edilen çäreler BSG-nyň Ylalaşygynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilen hukuk we söwda seljermesiniň netijeleriniň esasynda işlenilip düzüldi.

         Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

         2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.

Soňky habarlar

Ählisi

23 Iýun, 2022 ý.

23 Iýun, 2022 ý.