Türkmenistanyň çäginden tranzit ýük daşamalaryň dikeldilmegi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web saýty.

Özbegistan Türkmenistanyň çäginden ýükleri daşamagyny gaýtadan ýola goýdy, bu karar 1-nji iýundan güýje girdi. Bu gatnaw ugry Özbegistan bilen serhetdäki «Alat» barlag nokadyndan hem-de Eýran bilen serhetdäki «Sarahs» barlag nokadyndan geçip, ýük awtoulaglarynyň hatary sagat 8:00-dan düzülýär.

Ulaglaryň bellenen ýolunyň ugrunda sürüjileriň dynç almagy, ýangyç guýmagy we olaryň tehniki hyzmatlary üçin ýörite awtoulag duralgalary üpjün edilýär.

Ýük gatnawlarynyň dowamynda näsazlyklaryň ýüze çykan ýagdaýynda hem-de beýleki kemçlikleriň dörän halatynda sürüjilere «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan zerur kömegi beriler.

2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sarahs-Farap-Sarahs gatnaw ugry boýunça ýük daşamalary gaýtadan dikeldildi.

Serhedi diňe şu talaplary berjaý edilen ýagdaýynda geçmek mümkindir:

·                     Sürüjiler ýörite sanitariýa işlerini geçirmek üçin Türkmenistandan üstaşyr geçmekde zerur bolan resminamalary hökmandyr;

·                     Ulag serişdeleri sanitariýa taýdan arassalanmalydyr;

·                     Serhetden geçilen mahaly COVID-19 üçin PCR testini (soňky 72 sagatdan öň alnan) ýa-da koronawirusa garşy alnan sanjymyň kepilnamasy görkezilmelidir (Soňky alnan sanjymdan 42 gün geçmedik);

·                     Barlag gözegçilik nokadynda COVID-19 üçin sürüjiler ekspress testi geçmelidirler.

Soňky habarlar

Ählisi

23 Iýun, 2022 ý.

23 Iýun, 2022 ý.