Tähranda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web saýty.

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Tähranda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň   Hökümet wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň başlygy Alireza Mogaddäsiniň duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Tarap Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny we tekliplerini birek-birege beýan etdiler.  

Duşuşygyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekildi. Resminama, Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri barada deslapdan alyşylmaly maglumatlaryň  sanawyny, görnüşini, ölçeglerini, kodlaryny we beýleki maglumatlary belleýär.

Garaşylyşy ýaly, şeýle maglumat alyşygy iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmekde hem-de halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde möhüm gural bolup, şol bir wagtda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary, ulag serişdelerini, resminamalary we şahslary hem-de şeýle barlagyň derejesini kesgitlemek üçin töwekgelçilikleriň dolandyrmak ulgamyny ulanmak esasynda bikanun söwda garşy göreşmekde ähmiýetli bolar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar

Ählisi

23 Iýun, 2022 ý.

23 Iýun, 2022 ý.