Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iki ýurduň gümrük işgärleriniň iş duşuşygy geçirildi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web sayty.

2022-nji ýylyň 16-21-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek.

Gulluklaryň arasynda statistiki maglumatlary deňeşdirmek üçin esas bolup Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama hyzmat edýär. Bu Teswirnama 2022-nji ýylyň        14-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Iki döwleti arasynda geçirilýän import we eksport harytlary baradaky maglumatlaryň harytlaryň dürli görnüşleri boýunça toparlara bölmek arkaly deňeşdirilmegi mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmagy we olara baha bermegi maksat edinýär. Munuň özi iki ýurduň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada ylalaşylan maglumatlar toplumyny emele getirmäge ýardam edýär.

Geçirilen iş duşuşygynyň netijesi boýunça taraplar deňeşdirilen maglumatlary doly ylalaşdylar we bu barada degişli resminama gol çekildi.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.