Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti şübheli maliýe amallarynyň öňüni almak hem-de işgärleri taýýarlamak çygrynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web sayty.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri taýýarlamak çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapyndan şübheli maliýe amallarynyň edilmegini duýdurmak, ýüze çykarmak we ýok etmek çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygy A.Mawlonow tarapyndan   2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Gol çekilen Ähtnamanyň çäginde daşary ýurtlara maliýe serişdeleriniň bikanun çykarylmagynyň edilen ýa-da çak edilýän hakyky ýagdaýlary hakynda resminamalary we maglumatlar alyşylar.

Işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy Gulluklaryň okuw bölümleriniň binýadynda alnyp barylmagy meýilleşdirilýär. Ähtnama okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça maglumat alyşmagy, işgärleriň hünär taýdan kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyny hem-de bilelikdäki okuwlaryň, ylmy maslahatlaryň we duşuşyklaryň guralmagyny göz öňünde tutýar.

Gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin esasy Ylalaşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda baglaşylan.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.