Özbegistan bilen Türkmenistan serhetdinde erkin söwda zolagynyň düýbi tutuldy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web sayty.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynda bilelikde Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhetdeş «Horezm - Daşoguz» serhet söwda zolagynyň düýbi tutulyp gurluşygynyň başlanmagyna  ak pata berdiler.

Bu söwda zolagy ikitaraplaýyn görnüşinde halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmak häsiýetine eýe bolup durýar.

Ýyllaryň dowamynda hereket etjek zolaklar döwletara söwda gatnaşyklaryny bökdençsiz alyp barmaga doly mümkinçilik berer.

«Horezm - Daşoguz» serhet söwda zolagynda paçsyz söwda dükanlary gurulyp, olarda paçsyz söwda dükanlarynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemezden, şeýle hem harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan bölekleýin satylýan harytlar ýerleşdiriler.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.