TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web sayty.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Serbiýanyň işewürleri bolsa degişlilikde nah ýüplügi hem-de buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 365 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit koksyny, binýatlyk ýagy, polipropileni, “Türkmengaz” döwlet konserni kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 155 million 619 müň manatlykdan gowrak boldy.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.