Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Deslapky maglumaty alyşmak we ýük gözegçiligi boýunça dördünji sebitara duşuşygyna gatnaşdy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web sayty.

2022-nji ýylyň 19-20-nji oktýabrynda Gruziýanyň Kahetiýa ülkesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Deslapky maglumaty alyşmak we ýük gözegçiligi boýunça dördünji sebitara duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň we demir ýol ulagynda ýük daşamalaryny amala aşyrýan edaralarynyň ygtyýarly wekillerini, şeýle hem halkara hyzmatdaş guramalaryň wekillerini jemledi.

Sebitara çäräniň dowamynda gatnaşyjy ýurtlarda gümrük edaralaryna deslapky maglumatyň berilmegi babatynda hereket edýän gümrük kanunçylyklaryna laýyklykda işleriň guralyşy, şeýle hem demir ýol ulagynda gatnadylýan ýükler boýunça bu maglumaty bermegiň oňyn tejribeleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şunda, demir ýol ulagynda ýük daşamalaryny amala aşyrýan edaralarynyň ygtyýarly wekilleri tarapyndan demir ýol ulagynda gatnadylýan ýükler babatynda gümrük edaralaryna deslapky maglumatyň berilmeginiň, gatnaşyjy döwletleriň serhetýaka demir ýol gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ýük geçirijiliginiň düýpli artmagyna getirendigi aýratyn nygtaldy. 

Duşuşygyň netijesi boýynça, demir ýol ulagynda gatnadylýan ýükleriň daşalmagyny tizleşdirmek, olaryň gümrük taýdan resmileşdirmegini ýönekeýleşdirmek we ygtybarly gümrük gözegçiligini üpjün etmek maksady bilen, gümrük edaralaryna deslapky maglumaty bermegiň bitewi halkara ülňüsini işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy ylalaşyldy.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.