Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Wilnýus şäherinde geçirilen intellektual eýeçilik boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web saýty.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde 2022-nji ýylyň 7-9-njy noýabrynda Litwanyň Wilnýus şäherinde geçirilen intellektual eýeçilik boýunça sebitleýin okuw maslahaty gatnaşdy. Okuw maslahaty, Söwda hukuklaryny ösdürmek maksatnamasy (CLDP) tarapyndan REACT hem-de ABŞ-nyň gümrük we serhet goragy gullugy bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Çäräniň maksady gümrük işgärleriniň intellektual eýeçilik hukuklaryny netijeli goramak ugrundaky hünärlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Çärä gatnaşanlar galp we garakçylyk harytlaryny ýüze çykarmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak we şuňa meňzeş amallar barada häzirki tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda Litwanyň we ABŞ-nyň gümrük gulluklarynyň işgärleriniň tejribeleri bilen tanyşdylar.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.