Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Bolgariýa tanyşdyryş sapary bolup geçdi

Gysga beýany

“customs.gov.tm/” resmi web saýty.

2022-nji ýylyň 24-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bolgariýa Respublikasynyň Milli gümrük gullugyna tanyşdyryş saparyny amala aşyrdy. Bu tanyşdyryş sapary Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi we Neşe serişdelerine garşy jenaýat bölümi "UNODC we WCO Global konteýnerlere gözegçilik maksatnamasy" çäginde gurnaldy.

Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bolgariýa Respublikasynyň Milli gümrük gullugynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Bolgariýaly kärdeşler,  Bolgariýa Respublikasynyň Milli gümrük gullugynyň taryhy, ol ýerde gümrük işiniň ýöredilişi bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Şeýle-de, duşuşykda ýokary töwekgelçilikli ýükler barada maglumat alyşmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäginde wekiliýetimiz Bolgariýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasy bilen araçäkleşýän döwlet serhedinde ýerleşen Kapitan Andreýewo gümrük nokadyna, şeýle hem Bolgariýa Respublikasynyň Milli gümrük gullugynyň Merkezi gümrük barlaghanasyna baryp gördiler. Bolgariýaly kärdeşler, esasan konteýner/ýük gatnawyna gözegçiligi guramak boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdylar.

Soňky habarlar

Ählisi

17 Noýabr, 2022 ý.

17 Noýabr, 2022 ý.