Merkezi gümrük terminaly Türkmenistanyň paýtagty - Aşgabat şäherinden demirgazyk-gündogarda, aýlaw ýolunyň 16-njy kilometrinde ýerleşýär we iri ulag-logistik merkezi bolup durýar
Interaktiw karta
Terminalyň ýerleşiş aýratynlygy we ýeňilligi
Terminalyň gös-göni golaýynda aşakdakylar ýerleşýär:
Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesi (ТРАСЕКА) - M37 belgili awtoýoly
Halkara awtoýol we demir ýol döwlet serhedinden geçiriş nokatlary
Änew we Gypjak demir ýol beketleri
Aşgabat şäheriniň halkara aeroporty
Gümrük we beýleki döwlet edaralary
Terminalyň çäginde ýerine ýetirilýän hyzmatlarymyz
Gümrük ammarynda ýerleşen harytlar bilen geçirilýän operasiýalar:
ýükleri düşürmek, ýüklemek we gaýtadan ýüklemek;
ýükleri üç ýyl möhlete çenli saklamak;
harytlary gözden geçirmek we ölçemek, olardan nusgalyklary we nusgalary almak;
ýönekeý ýygnama operasiýalary, şeýle hem tapgyrlaryň böleklere bölünmegini, ugratmalaryň düzülmegini, aýyl-saýyl etmegi, gaplamagy, gaýtadan gaplamagy, belgilemegi, harytlaryň hilini gowulandyrmak üçin zerur bolan operasiýalary hem goşmak bilen harytlary satuwa we ulagly daşamaga taýýarlamak üçin zerur bolan operasiýalar;
harytlaryň aýrybaşgalanmagy, ýagny olar babatdaky eýelik etmek, peýdalanmak ýa-da ygtyýarlyk etmek hukuklarynyň geçirilmegi.