"Farap" gury porty

«Farap» gury porty awtoulaglaryň girmegi we çykmagy üçin niýetlenen derwezeli, gije-gündiz wideogözegçilik we gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylan goralýan zolak bolup durýar.

Gysga beýany

«Farap» gury porty awtoulaglaryň girmegi we çykmagy üçin niýetlenen derwezeli, gije-gündiz wideogözegçilik we gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylan goralýan zolak bolup durýar.

Häzirki wagtda türkmen-özbek serhedinde «Farap awtoýollary» gümrük postunyň golaýynda «Farap» gury portunyň - serhetýaka duralgasy hem-de ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdançanyň gurluşygy tamamlandy. Bu desgalaryň 2017-nji ýylyň aprel aýynda işe girizildi.

Gury portunyň halkara awtoýol we demir ýol geçelgeleriniň golaýynda ýerleşmegi onuň netijeli işlemegini üpjün eder.

«Farap» gury porty awtoulaglaryň girmegi we çykmagy üçin niýetlenen derwezeli, gije-gündiz wideogözegçilik we gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylan goralýan zolak bolup durýar. Bu desgalaryň çäginde awtoulaglaryň wagtlaýyn durmagy üçin ýerleriň, ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdançalaryň, dükanyň, ulag serişdelerini abatlamak üçin ussahanalaryň, awtoýuwalgalaryň we arassaçylyk-durmuş jaýlarynyň bolmagy göz öňünde tutulandyr.

"Farap" gury portunyň aýratynlyklary

Aşakda görkezilenler «Farap» gury portynyň esasy wezipeleri bolup durýar:

  • serhetýaka gümrük postlarynyň golaýynda ýük awtoulag serişdeleriniň hereketini we ýerleşişini tertipleşdirmek;
  • ýük awtoulag serişdeleri üçin goralýan duralgany üpjün etmek;
  • ýükleri hem-de konteýnerleri düşürmek, ýüklemek we saklamak;
  • konteýnerleri awtoulaglardan demir ýol platformalaryna we tersine gaýtadan ýüklemek;
  • sürüjiler üçin arassaçylyk-durmuş şertlerini döretmek;
  • jemgyýetçilik iýmiti, ilkinji zerur harytlary ýerlemek, ulag serişdelerini abatlamak çygrynda hyzmatlary etmek.

"Farap" gury portunda ýerleşýän desgalar hakynda maglumat

«Farap» gury porty boýunça maglumatlar:

  • umumy meýdany 40 000 m²;
  • 150 orunlyk ýük awtoulag serişdeleri üçin duralga;
  • ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdança, umumy meýdany 20 000 m²;
  • dolandyryş binasy;
  • naharhana;
  • ilkinji zerur harytlaryň dükany;
  • awtoulaglary abatlamak üçin ussahanalar;
  • arassaçylyk-durmuş jaýlary;
  • türkmen-özbek serhedinde «Farap awtoýollary» gümrük postuna çenli aralyk 1 400 metr;
  • golaýynda Farap demir ýol bekedi ýerleşýär.