2017-nji ýylyň 1-nji fewralynda türkmen-eýran serhedinde «Sarahs awtoýollary» gümrük nokadynyň golaýynda serhetýaka duralgasy hem-de ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdança işe girizildi.
2017-nji ýylyň 1-nji fewralynda türkmen-eýran serhedinde «Sarahs awtoýollary» gümrük nokadynyň golaýynda serhetýaka duralgasy hem-de ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdança işe girizildi. Gümrük nokadynyň halkara awtoýol we demir ýol geçelgeleriniň golaýynda ýerleşmegi onuň netijeli işlemegini üpjün eder.
Gümrük nokadynda awtoulaglaryň girmegi we çykmagy üçin niýetlenen derwezeli, gije-gündiz wideogözegçilik we gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylan goralýan zolak bolup durýar. Bu desgalaryň çäginde awtoulaglaryň wagtlaýyn durmagy üçin ýerleriň, ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdançalaryň, dükanlaryň, ulag serişdelerini abatlamak üçin ussahanalaryň, awtoýuwalgalaryň we arassaçylyk-durmuş jaýlarynyň bolmagy göz öňünde tutulandyr.
Online hyzmat