Awtoduralganyň we açyk meýdançanyň gurulmagy awtoýol we demir ýol ulaglarynyň özara sazlaşykly hereketi üçin «Ymamnazar» gury portunyň - ulag-logistik merkeziniň döredilmegi boýunça ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar.
Häzirki wagtda türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar» we «Ymamnazar demirýollary» gümrük postlarynyň golaýynda ýerleşýän serhetýaka awtoduralgasynyň hem-de ýükleri we konteýnerleri saklamak üçin açyk meýdançanyň gurluşygy alnyp baryldy. Bu desgalaryň 2017-nji ýylyň aprel aýynda işe girizildi.
Awtoduralganyň we açyk meýdançanyň gurulmagy awtoýol we demir ýol ulaglarynyň özara sazlaşykly hereketi üçin «Ymamnazar» gury portunyň - ulag-logistik merkeziniň döredilmegi boýunça ilkinji nobatdaky wezipe bolup durdy. Bu gury port «Ymamnazar» we «Ymamnazar demirýollary» gümrük postlarynyň üsti bilen halkara ýük akymlarynyň geçirilmegi üçin amatly şertleri döreder hem-de Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesini giňden ulanylmagyna ýardam berer.
Gury porty gurmak boýunça taslamanyň wajyplygy golaýda Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň - Atamyrat - Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) demir ýolunyň we türkmen-owgan serhediniň golaýynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça terminalyň işe girizilmegi bilen bagly bolup durýar.
Bu demir ýolunyň we terminalyň açylanyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, «Ymamnazar» we «Ymamnazar demirýollary» gümrük postlarynyň üsti bilen eksport we üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artýandygyna syn edilýär. Halkara geçelgesiniň bu böleginde halkara ýük daşamalarynyň artmagy döwrebap logistik ulgamly ulag hyzmaty boýunça merkeziň döredilmegini talap edýär.
«Ymamnazar» gury portunyň gurluşygynyň birinji tapgyrda işe girizilen desgalar:
Online hyzmat